Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski ýesirleriň çalşygyna ygrarlydygyny aýdýar, Putini “hapa oýunlarda” aýyplaýar


Ukrainanyň ozalky uruş ýesirleri, Russiýa bilen ýesir alyş-çalyş ylalaşygynyň çäginde, 6-njy maýda yzyna dolandylar.
Ukrainanyň ozalky uruş ýesirleri, Russiýa bilen ýesir alyş-çalyş ylalaşygynyň çäginde, 6-njy maýda yzyna dolandylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýa bilen ýesirleriň alyş-çalşygy baradaky meýillerini ileri tutýandygyny, emma munuň şowly netijesine şübheli garaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ukrain goşunynyň ýolbaşçylary Russiýanyň güýçleriniň gündogardaky Dnipropetrowsk sebitine ilkinji gezek öňe ilerländigi baradaky Moskwanyň öňe sürmelerini ret etdiler.

“Ukraina harby ýesirlerimizi boşatmak we ölen esgerlerimiziň jesetlerini yzyna gaýtarmak üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýär” diýip, Zelenski agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

“Gynansak-da, Stambulda ylalaşylyşy ýaly, müňden gowrak adamyň alyş-çalşygy üçin Russiýa tarapyndan doly sanawlar häzire çenli berilmedi. Rus tarapy adaty bolşy ýaly, hatda şeýle meseleleri-de syýasy we informasiýa taýdan hapa oýna öwürjek bolýar” diýip, ol aýtdy.

Eger Kreml “hatda şeýle ynsanperwerlik meselesinde-de öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmese, bu ýagdaý halkara jemgyýetçiliginiň, esasanam ABŞ-nyň gepleşik we diplomatiýa boýunça edýän tagallalaryny şübhe astynda goýjakdyr” diýip, ol sözüne goşdy.

Zelenski ABŞ-nyň ABC teleýaýlymyna beren ýörite interwýusynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini diňe Waşingtonyň we Ýewropanyň “güýçli basyşy” bilen yza tesdirmegiň mümkindigini aýtdy.

“Dünýä jemgyýetçiligi şeýle hereket etse, olar urşy bes ederler” diýip, ol belledi.

Mundan bir gün öň, ukrain resmileri Russiýanyň Kiýewiň harby ýesirleriň çalşylmagyny we jesetleriň yzyna tabşyrylmagyny yza süýşürýändigi baradaky aýyplamalaryny ret edipdiler.

Kremliň maslahatçysy Wladimir Medinskiý Ukrainanyň ýesir çalyşmak we ölen esgerleriň jesetlerini kabul etmek boýunça meýilleşdirilen çäreleri garaşylmadyk ýagdaýda näbelli möhlete çenli soňa süýşürendigini öňe sürüpdi.

Medinskiý Russiýanyň prosesi başlamak üçin Ukrainanyň tarapyna ýaralylar, agyr hassalar we ýaş esgerler bilen birlikde jemi 640 ýesiriň sanawyny berendigini aýdypdy.

Ukrainanyň harby ýesirler bilen işleşmek boýunça utgaşdyryjy ştaby rus tarapynyň aýdanlarynyň hakykata we ozal gazanylan ylalaşyklara gabat gelmeýändigini aýtdy.

Ukrain resmileriniň maglumatyna görä, Stambuldaky gepleşiklerden soň iki tarap hem takmynan 12 müň ölen esgeriň jesetlerini yzyna tabşyrmak boýunça prinsipleýin esasda ylalaşdylar, ýöne bu çalyşyk üçin anyk sene kesgitlenmedi.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi Moskwany Stambuldaky ylalaşyklary “täzeden ýazmak” synanyşygynda aýyplap, prosesi gijikdirmek üçin “emeli päsgelçilikleri döredýändigini we ýalan beýanatlar berýändigini” belledi.

Zelenski 8-nji iýunda eden çykyşynda Russiýanyň soňky güýçli howa zarbalary sebäpli ukrain raýatlaryny howa hüjümi baradaky duýduryşlara ünsli bolmaga çagyrdy.

“Ýakyn günlerde howa hüjümi baradaky duýduryşlara aýratyn üns bermeli. Özüňizi we Ukrainany goraň” diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp iki tarapy hem urşy soňlamak üçin gepleşiklere we ylalaşyga çagyrýar.

Kiýew ABŞ-nyň 30 günlük ok atyşyklary bes etmek baradaky çagyryşyny goldaýandygyny mälim etdi. Moskwa bolsa, munuň üçin öňünden Ukrainanyň kabul edip bilmejek şertleriniň ýerine ýetirilmegini talap edýär.

Harby ýagdaý bilen baglylykda, Ukrainanyň Baş ştabynyň metbugat wekili Andriý Kowalýow Russiýanyň Goranmak ministrliginiň rus güýçleriniň gündogardaky Dnipropetrowsk sebitine girendigi baradaky aýdanlaryny ret etdi.

Kowalýow RBK-Ukraina beren interwýusynda bularyň “rus dezinformasiýasydygyny” we söweşleriň goňşy Donetsk sebitinde dowam edýändigini aýtdy.

Ukraina tarapdar açyk çeşmeleriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ukrain territoriýasynyň takmynan 20%-ne gözegçilik edýän Moskwa, soňky bir aýyň içinde ýurduň gündogaryndaky Sumy sebitinde 190 inedördül kilometr meýdany ele geçiripdir.

“Gepleşikde uruş hakykatyny ykrar etmek islemeýänler söweş meýdanynda täze hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolarlar” diýip, Russiýanyň öňki prezidenti Dmitriý Medwedýew sosial mediada ýazdy.

Dnipropetrowsk sebitiniň Ukrainada senagat we dag-magdan pudagynda uly ähmiýeti bar. Harby bilermenler Russiýanyň bu sebitde öňe ilerlemeginiň Kiýewiň harby we ykdysady mümkinçiliklerine uly zeper ýetirip biljekdigini aýdýarlar. Bu sebit Russiýanyň resmi taýdan özüne degişli diýip yglan eden bäş ukrain sebitiniň arasynda däldir.

Forum

XS
SM
MD
LG