Balkanabatda baýramçylyk günlerinde döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan un satuwda peýda boldy. Ençeme aý bäri un paýlaryna garaşan ýerli ýaşaýjylar dükanlara üýşdi. Bu un söwdasy bilen bagly ýagdaý barada Azatlygyň Balkandaky habarçysy we çeşmeleri habar berdiler.
Il içinde "paýok" diýlip atlandyrylýan we döwlet dükanlarynda satylýan arzanlandyrylan un 6-njy iýunda satylyp başlanypdyr. Emma ýerli ýaşaýjylaryň aglaba köpüsi bu uny satyn alyp bilmändir we üç günläp nobatda dursalar-da, wagtyny boş geçiripdir.
"Paýok un satyldy, ýöne ol şäher ilatynyň 10 göterimine zordan ýetdi. Un sanaw kagyzyndaky 'A', 'B', 'D', 'E' harpyndan başlanýan familýalara ýetdi, galan raýatlar Gurban baýramy günleri döwlet dükanlarynyň öňünde un paýogyna garaşyp, baýramçylyk günlerini nobatda garaşyp geçirdiler" diýip, balkanabatly habarçymyz gürrüň berdi.
Habarçymyz baýramçylygyň tutuş dowamynda döwlet dükanlarynyň köpüsiniň öňünde adamlaryň uly topar bolup üýşüp durandygyny belledi:
"1-nji, 2-nji, 3-nji, 8-nji we 25-nji dükanlaryň öňlerinde her gün ýüzlerçe adam eli torbaly durdular. Köpgatly binalardaky dükanlaryň öňünde duran adamlar 7-nji we 8-nji iýunda ýagan çagbada kölege ýerlerini gözläp, ýagyşdan goranmak üçin podýezdleriň aşagynda durup, ýagyş dynýança üç sagatlap dükany garawulladylar".
Balkanabadyň söwda edaralaryndaky ýagdaýdan habarly çeşme döwlet dükanlarynda satmak üçin unuň 6-njy iýunda Gurbanlygyň birinji güni paýlanandygyny, emma onuň mukdary örän çäkli bolup, her söwda nokadyna ortaça her biri 50 kilogramlyk 50 halta undan düşendigini belledi.
Türkmenistanda Gurban baýramy şu ýyl 6-njy we 9-njy iýun aralygynda bellendi.
Döwlet dükanlarynda subsidirlenen nyrhdan peýda bolan un bir kilogramy 4,5 manatdan satyldy. Adam başyna 3 kilogramdan köp berilmedi.
Azalyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, ýerli ilat bu un paýyna 3 aý çemesi wagt bäri garaşypdyr. Geçen gezek birnäçe aý mundana öň döwlet dükanlarynda satylan un zaýalanan bolup, iýmite ýaramandyr.
"Porsy, gurçukly un döwlet bahasyndan satylypdy. Ol un ilat üçin diňe çykdaýjydan başga zat däldi. Bu sapar arassa täze bugdaý uny satyldy, ýöne ol ilatyň ujypsyz bölegine ýetdi" diýip, balkanly çeşme aýtdy.
Balkanlylar welaýatda bugdaý oragynyň soňlanyp barýandygyny we tas 90% tamamlanandygyny aýtdylar.
"Diňe sanlyja ýerlerde bugdaý orulmady. Galla kärhanalary şu ýyl hem bugdaý planyny kagyzda ýerine ýetirene meňzeýär" diýip, çeşme ýeterlik bugdaý ýygnalan bolsa, näme üçin ilata döwlet bahasyndan täze unuň bol-elin satylmaýandygyny soraga alýar.
Şol bir wagtda, Türkmenistanda öndürlen un bazarlarda täjirçilik nyrhyndan bol-elin satylýar - bir kilogramy 10 manatdan. Daşary ýurtlarda, hususan-da, Gazagystanda we Orsýetde öndürlen unuň balkan bazarlaryndaky bahasy bir kilogramy 15 we 20 manat aralygynda.
Un ýaly esasy azyk önümleriniň uzaga çeken gytçylygynyň saklanmagy, bazarlardaky täjirçilik nyrhlarynyň yzygiderli göterilmegi ilat köpçüliginiň baýramçylygy bellemekden saklanmagyna getiridi.
"Ilat arasynda Gurban baýramy tas bellenmedi. Ilat köpçüligi hor, agyr güzeran geçirýär. Ýaşaýjylaryň ýarysyndan gowragy doýup naharlanmaýar. Daşary ýurtlardan maşgalasyna pul ugradýanlaryň hossalary biraz gowurak ýaşaýarlar. Döwlet işinde para-peşgeş bilen girdeji edýän emeldarlar we güýç edaralaryň işgärleri oňat durmuşda ýaşaýarlar" diýip balkanly çeşme aýtdy.
Gurban baýramynda Balkanabatda malyň bahasy hem ýokarlanypdyr. Goýun-guzularyň iň kiçisi, ýagny 10 kilogramlygy 1400 manatdan satylypdyr. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 400 amerikan dollaryna barabar-red.)
"Balkanabatda Gurbanlykda goýun soýup sadaka berýän ýekeje-de adama sataşmadym" diýip, habarçymyz belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum