Ukrainanyň Çernigow oblastyna edilen dron hüjüminde bäş adam heläk boldy

Priluki şäherine urlan zarbalaryň netijeleri

Russiýanyň Ukrainanyň Çernigow oblastyna garşy amala aşyran gijeki kamikadze-dron hüjümi netijesinde azyndan 5 adam, şol sanda iki zenan we bir ýaşly çaga heläk boldy. Şeýle-de, ýaralananlaryň bardygy habar berilýär diýip, sebitiň administrasiýasynyň başlygy Wýaçeslaw Çausa salgylanyp, "RBK-Ukraina" ýazýar.

Zarba Priluki şäherine gönükdirilipdir. Deslapky maglumatlara görä, şähere alty sany dron bilen hüjüm edilipdir.

Zarbalaryň ýaşaýyş jaýlaryna düşendigi aýdylýar. Şäheriň alty ýaşaýjysy dürli şikesler bilen keselhana ýerleşdirildi.