Russiýa Ukrainanyň birnäçe sebitine ýüzlerçe dron bilen hüjüm etdi

Kiýewde howa hüjümi mahaly adamlar metroda gizlenýärler. 6-njy iýun, 2025 ý.

9-njy iýuna geçilýän gije Russiýa Ukrainanyň çägine dronlar we raketalar bilen ýene-de hüjüm etdi. Kiýewde hüjümiň netijesinde şäheriň Darnisa etrabyndaky edara binasyna zeper ýetdi diýip, şäher harby administrasiýasynyň başlygy Tymur Tkaçenko Telegram kanalynda ýazdy.

Ukrainanyň günbataryndaky Rowne oblastynyň häkimiýetleri 9-njy iýuna geçilen gije “ güýçli howa hüjümi” barada habar berdiler. “Rowne üçin örän agyr gije boldy… Deslapky maglumata görä, bir raýat ýaralandy” diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Kowal Telegramda ýazdy.

Dron hüjümleriniň netijesinde Dnipropetrowsk oblastynda hem weýrançylyklar hasaba alyndy. Bu sebitde pidalar barada maglumat ýok.

Çerkassy oblastynyň harby administrasiýasynyň başlygy Ihor Taburetsiň maglumatyna görä, sebitde howa hüjümlerine garşy ulgamlar Russiýanyň 33 sany dronuny ýok edipdir.

“Ýaralanan ýok. Ýöne galyndylardan ep-esli zyýan bar” diýip, Taburets ýazdy.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa Ukrainanyň çägine 500-e golaý howa hüjüm serişdesini, şol sanda 400-den gowrak “Şahed” kysymly dronuny atypdyr. Maglumata görä, olaryň aglabasy ýok edilpdir. Russiýanyň harby ýolbaşçylary bu hüjümler boýunça entek resmi beýanat bermediler.