Prezident Berdimuhamedow Mongoliýa sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) we Mongoliýanyň prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh. Aşgabat. Oktýabr, 2024 ý.

1-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa iki günlük döwlet sapary başlandy.

Berdimuhamedowyň bu saparynyň, iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylda diplomatiki gatnaşyklar ornaşdyraly bäri, Türkmenistanyň döwlet baştutany derejesinde amala aşyrylýan ilkinji saparydygy bellenilýär.

Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek, şeýle-de türkmen-mongol işewürler forumyny, medeni çäreleri geçirmek planlaşdyrylýar.

Bu sapar Mongoliýanyň prezidentiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýar we bu Uhnaagiýn Hurelsuhyň 2024-nji ýylda Türkmenistana eden döwlet saparyna jogap hökmünde geçirilýär.