Nawalnynyň doglan gününde ony hatyralamak üçin onlarça adam ýygnandy

Häzir daşary ýurtlarda ýaşaýan Nawalnynyň egindeşleri onuň ölüminiň jogapkärçiligini Russiýanyň häkimiýetleriniň üstüne atýarlar.

Merhum rus oppozisioneri Alekseý Nawalnynyň 4-nji iýunda doglan gününde ony hatyralamak üçin Moskwanyň Borisowskiý gonamçylygyna onlarça adam geldi. Koloniýada aradan çykan Nawalnyý 49 ýaşyny doldurmalydy.

SotaVision neşiriniň habar bermegine görä, merhum syýasatçynyň mazaryna Nawalnynyň we onuň aýaly Ýuliýanyň ejesi, şeýle-de Nawalnynyň egindeşi Ilýa Ýaşiniň kakasy geldi. Gonamçylygyň girelgesinde howpsuzlyk işgärleri gelenleriň goşlaryny barlady. Nawalnyny ýatlamak üçin gelen adamlar ekstremizme garşy göreş boýunça merkeziniň işgärleri diýlip çak edilýän adamlar tarapyndan wideo düşürildi.

Alekseý Nawalnynyň “Harp” koloniýasynda aradan çykandygy baradaky habar 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda yglan edilipdi. Häzir daşary ýurtlarda ýaşaýan onuň egindeşleri Nawalnynyň ölüminiň jogapkärçiligini Russiýanyň häkimiýetleriniň üstüne atýarlar. Ölüm bilen bagly jenaýat işi gozgalmady, resmi düşündirişe görä, Nawalny tebigy sebäplerden aradan çykypdyr.