Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we özbek lideri Şawkat Mirziýoýow Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak üçin Moskwa sapar edenlerinde, bu öňden bäri ysnyşykly gatnaşýan ýolbaşçylaryň arasyndaky duşuşyklaryň ýene bir tapgyry bolýar. Ýöne olaryň çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilýän we soňky ýyllarda ýygjamlaşýan duşuşyklar düýpden başga bir ýagdaýy, miras geçirmek prosesiniň dowam edýändigini görkezýär.
Kreml Merkezi Aziýany indi uzak wagt bäri öz täsir meýdanyndaky sebit hasaplaýar. Ýewropa Bileleşiginiň we Hytaýyň bu sebitde has gowy ornaşmak üçin edýän uly tagallalaryna garamazdan, Merkezi Aziýa ýurtlary şindi hem Russiýa öz ykdysadyýetindäki esasy oýunçy hökmünde seredýärler we bu ýurda ýolbaşçylyk etjek adamyň Moskwa tarapyndan tassyklanylmagyny möhüm mesele hasaplaýarlar.
"Moskwa öz territoriýasyny belleýär we, şol bir wagtda ol, eger-de Merkezi Aziýadaky awtoritar prezidentler, demokratik saýlawlary geçirmegiň ýerine, öz çagalaryny ýa-da ýakynlaryny prezidentlige taýýarlamak isleseler, Kreml olaryň gelen kararyny goldajakdygyny yşarat edýär. Hut şu hem ÝB bilen Russiýanyň arasyndaky esasy tapawut bolup durýar” diýip, Duşenbe uniwersitetiniň professory Azatlyk radiosy bilen anonimlik şertinde eden gürrüňinde aýtdy.
Şeýle-de ol Putin "awtoritar režimler tarapyndan dolandyrylýan Merkezi Aziýa ýurtlarynda demokratiýanyň bolup-bolmany barada alada etmeýär, ýa-da muny islemeýär" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Degişli maglumat Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagyPutin Täjigistanyň "birinji ogly" Rustam Emomali bilen duşuşdy. Ol ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyrýan 72 ýaşly uly Rahmon işden çekilende, kakasynyň ornuna häkimiýet başyna gelip biljek geljekki lider hasaplanýar.
37 ýaşly Emomali häzir Täjigistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy bolup, ýurtda prezidentden soň ikinji orunda durýan ýolbaşçy hökmünde tanalýar. Şeýle-de, ol paýtagt Duşenbäniň häkimi bolup işleýär.
Moskwanyň aýgytly goldawy
"Häkimiýet geçirilmesinden öň hem Moskwanyň berýän goldawy aýgytly bolup durýar. Russiýanyň Täjigistanda harby bazasy bar, bu baza ýurt garaşsyzlyk alaly bäri işläp dur. Şeýle-de, Russiýa Täjigistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar" diýip, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça synçy Brýus Pannier aýdýar.
"Eger-de Moskwa bu prosesi oňlamasa, bu Emomali Rahmon üçin-de, häkimiýete ymtylýan beýleki dalaşgärler üçin-de ýagdaýy çylşyrymlaşdyryp biler. Şu sebäpden Kremliň goldawy häkimiýetiň geçmeginiň özi üçin-de, geljekde durnukly bolmagy üçin-de möhüm" diýip, Pannier sözüniň üstüni ýetirdi.
Şu aralykda, özbek prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa hem golaýda Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen duşuşdy.
40 ýaşly Mirziýoýewa Özbegistanyň prezidentiniň birinji kömekçisi, prezident administrasiýasynda döwlet baştutanyndan soň ikinji orunda durýan adam diýlip bilinýär.
Emomaliniň we Mirziýoýewanyň ýokary hökümet wezipelerine bellenmegi, resmi derejeleriniň çalt ýokarlanmagy we barha kän işjeňleşmegi olaryň atalary tarapyndan geljekki mirasdüşer, döwlet baştutanynyň wezipesine gelmeli adamlar hökmünde taýýarlanylýandygy baradaky çaklamalary güýçlendirdi we Moskwada bolan duşuşyklar bu pikir-düşünjäni kän gowşadyp bilmedi.
Eger-de Merkezi Aziýa liderleri öz mirasdüşerleriniň kabul edilmegi ugrunda tagalla edýän bolsalar, Kreml hem öz maksadyny öňe sürýär: ýagny täsir meýdanyndaky ornuny we ähmiýetini saklap galmaga çalyşýar.
Resmi beýannamalarda aýdylmagyna görä, strategiki hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen duşuşyklaryň geçirilen wagty, serişdä baý sebitlere uzak möhletleýin ygrarlydygyny görkezmek üçin, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa geljekde milliardlarça dollarlyk maýa ýatyrmagy wada bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Özbegistan aprel aýynda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýokary derejeli sammiti, ÝB-Merkezi Aziýa sammitini geçirdi.
Samarkantda geçirilen sammitde fon der Leýen ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjy arkaly Merkezi Aziýa täze, 12 milliard ýewrolyk (13,6 milliard dollar) maýa goýum bukjasyny yglan etdi.
Bu bukja ÝB-niň 2024-nji ýylda sebitde ulag, transport gatnawlary baglanyşygyny ýokarlandyrmak üçin yglan eden 10 milliard ýewrolyk (11,3 milliard dollar) maýa goýum meýilnamasynyň üstüni ýetirýär.
Fon der Leýen ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny "strategiki hyzmatdaşlyk" diýip häsiýetlendirdi, ýöne bu termin ozalky sowet ýurtlarynyň çägine uzak wagt bäri öz täsir meýdany hökmünde garaýan Russiýanyň hoşuna gelmez.
Emomali we Mirziýoýewa geçen hepde Moskwada kabul edilende, Italiýanyň premýer-ministri Jorjiýa Meloni Merkezi Aziýa sapar etdi. Ol bu sebitiň indi Ýewropa üçin “strategiki ähmiýetiniň bardygyny” aýtdy.
Şu aralykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iň uly maýa goýujysy we söwda hyzmatdaşy bolmak bilen, öz gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek we Moskwa garaşlylygy azaltmak ugrunda edýän tagallalary sebäpli, Hytaý soňky ýyllarda bu sebitde Russiýadan öňe geçdi.
Özbek ykdysadyýeti boýunça tanymal professor we oppozisiýa aktiwisti Hidirnazar Allakulowyň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, "Russiýa Saidanyň we Rustamyň üsti bilen [özbek we täjik prezidentlerine] olaryň Ýewropa bilen arada ösýän gatnaşyklaryndan hoşal däldigini" aýdan bolmaly.
'Russiýanyň kartlary bar'
ÝB-niň we Hytaýyň berýän milliardlarça dollarlyk maýa goýum wadalaryna garamazdan, Merkezi Aziýadaky köp bilermen Russiýanyň sebitde, hususan-da Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly garyp döwletlerde öz täsirini saklamak üçin ulanyp biljek zatlarynyň, “uly kartlarynyň” şindi hem ýeterlikdigini aýdýarlar.
Russiýa Merkezi Aziýadan gelýän millionlarça migrant işçini iş bilen üpjün edýär we, sebitde onlarça ýyl bäri dowam edýän agyr işsizligiň arasynda, olaryň öz maşgalalaryny eklemek üçin bu ýurtda işlemekleri we pul iberip durmaklary örän möhüm mesele bolmagynda galýar.
"Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň immigrasiýany düýpli çäklendirmegi netijesinde, Russiýa eklenç etmek meselesinde bütinleý diýen ýaly Russiýa garaşly bolan millionlarça täjik üçin durmuş liniýasy bolup galýar. Eger-de Russiýa migrantlar üçin açan gapysyny ýapsa, bu ýagdaý Täjigistanda we Gyrgyzystanda raýat tolgunyşyklaryna sebäp bolup biler we Moskwa muny bilýär" diýip, Duşenbede ýaşaýan professor aýtdy.