Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WSJ: Tramp Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu hepde Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar diýip, The Wall Street Journal öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän çäklendirmeleriň arasynda Russiýanyň bank pudagyna garşy goşmaça sanksiýalar ýok. Täze sanksiýalaryň maksady, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini ABŞ-nyň prezidenti tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän 30 günlük atyşygy bes etmek baradaky teklip ýaly birnäçe ugurda eglişige gitmäge mejbur etmekdir. Täze sanksiýalaryň girizilmegi baradaky soňky karar entek kabul edilmedi we Tramp bu çärelerden ýüz öwrüp hem biler.

25-nji maýda Tramp Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmek mümkinçiligini “elbetde göz öňünde tutýandygyny” aýtdy we Putin barada: “Biz gepleşik alyp barýan wagtymyz, ol Kiýew we beýleki şäherlere raketalar atýar. Men muny asla halamaýaryn. Bu meni geň galdyrýar. Bu adama bir zatlar boldy, men muny halamaýaryn” diýdi. Trampyň bu beýanaty Russiýanyň ukrain şäherlerine giň gerimli zarba urmagynyň yz ýanyndan edildi.

XS
SM
MD
LG