Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda para almakda güman edilip, şäher häkimliginiň 30-dan gowrak resmisi tussag edildi


Stambulda Ekrem Imamoglunyň tussag edilmegine garşy geçirilen protest çäresi. 29-njy mart, 2025 ý.
Stambulda Ekrem Imamoglunyň tussag edilmegine garşy geçirilen protest çäresi. 29-njy mart, 2025 ý.

Stambulyň Baş prokuraturasy şäher häkimliginiň 47 resmisiniň tussag edilmegi boýunça görkezme berdi. Olar parahorlykda we gorkuzyp pul almakda güman edilýär.

Haberturk telekanalynyň maglumatyna görä, bu çäreler şäheriň häkimi Ekrem Imamoglu boýunça gozgalan korrupsiýa işi bilen baglylykda alnyp barylýar.

Maglumatda häzire çenli 31 adamyň tussag edilendigi bellenilýär. Olaryň arasynda Stambulyň Beşiktaş we Büyükçekmeje etraplarynyň ýolbaşçylary hem bar. Derňewçileriň sözlerine görä, Büyükçekmeje etrabynyň häkimi Hasan Akgýun we onuň resmileri kompaniýalary jaýlary “sowgat” hökmünde bermäge ýa-da etrabyň adybir basketbol toparyna “haýyr-sahawat” hökmünde pul geçirmäge mejbur edipdirler.

Habarda aýdylmagyna görä, resmiler bu talaplara boýun bolmadyk kärhanalara gurluşyk ygtyýarnamalaryny bermändirler.

Belläp geçsek, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň esasy syýasy garşydaşy bolan Stambulyň häkimi Ekrem Imamoglu şu ýylyň mart aýynda tussag edilipdi. Bu derňew çäresi bilen baglylykda 100-den gowrak adam, şol sanda syýasatçylar, žurnalistler we telekeçiler tussag edildi.

XS
SM
MD
LG