10-njy iýuna geçilýän gije Russiýanyň harby güýçleri Ukrainanyň Kiýew we Odessa şäherlerine zarba urdy.
Kiýewde şäheriň ýedi etrabynda weýrançylyklar hasaba alyndy. Käbir ýerlerde ýangyn döredi, ýaşaýyş jaýlaryna we ammarlara zeper ýetdi.
Soňky maglumatlara görä, paýtagtda dört adam ýaralandy.
Russiýa dronlar bilen Odessa hem zarba urdy. Hüjümde şäheriň iki ýaşaýjysy öldi, azyndan dokuz adam ýaralandy. Birnäçe ýaşaýyş jaýy weýran edildi. Şeýle-de, bäbekhananyň administratiw binasyna zeper ýetdi.
Russiýanyň harby güýçleri soňky birnäçe gije bäri ýüzlerçe dron bilen Kiýewe we beýleki şäherlere garşy giň gerimli zarbalary urýar.