9-njy iýunda NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte NATO agza ýurtlaryny goranyş mümkinçiliklerini, şol sanda howa we raketadan goranyş ukyplylygyny 400 göterim artdyrmaga, munuň bilen Russiýadan abanýan howplara netijeli garşy durmaga çagyrdy.
Rýutte bu barada düýbi Londonda ýerleşýän “Chatham House” analitik merkezinde çykyş etdi. Ol Ukrainadaky dowam edýän uruş we dünýäde barha artýan durnuksyzlyk fonunda NATO-nyň goranyş syýasatynda düýpli özgertmäniň zerurdygyny nygtady. “Biz Ukrainada Russiýanyň howadan terror ýagdyrýandygyny görýäris. Şonuň üçin biz asmanymyzy goraýan galkany güýçlendireris” diýip, ol aýtdy.
Rýutteniň pikirine görä, Russiýa harby kuwwatyny artdyrýar we bäş ýylyň dowamynda NATO bilen aç-açan harby çaknyşyga taýýar bolup biler.
Ol NATO agza ýurtlarynyň goranyş çykdajylaryny ýokarlandyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär. Rýutte agza ýurtlaryň jemi içerki önüminiň 3,5%-i göni harby çykdajylara, goşmaça 1,5%-i bolsa giňişleýin howpsuzlyk çärelerine gönükdirmegi teklip edýär.