Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grodno şäherinde türkmen raýaty “ownuk huligançylykda” aýyplanyp, Belarusdan çykaryldy


Grodno şäheri
Grodno şäheri

Belarusyň Grodno şäherinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty administratiw jogapkärçilige çekilip, ýurtdan wagtlaýyn çykaryldy. Bu barada newgrodno.by neşiri 29-njy maýda habar berdi.

Maglumata görä, 2000-nji ýylda doglan Türkmenistanyň atlandyrylmadyk raýaty serhoş ýagdaýda bilim desgasynyň golaýynda buşugypdyr we beýleki daşary ýurduň raýatlary bilen ýakalaşypdyr. Oňa garşy “ownuk huligançylyk” boýunça protokol düzüldi.

Munuň bilen baglylykda Türkmenistanyň raýaty ýarym ýyl möhlet bilen Belarusdan çykarylar.

Bu wakadan soň, şäheriň Leninskiý etrap häkimliginiň Içeri işler bölüminiň raýatlyk we migrasiýa bölüminiň binasynda, şol sanda Grodnoda bilim alýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hem gatnaşygynda profilaktiki düşündiriş işleri geçirildi.

XS
SM
MD
LG