Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýa gizlin getirilen dronlar bilen onlarça bombalaýjy uçary ýok edendigini aýdýar


 “Kerep” atly bu operassiýanyň 1.5 ýyl çemesi taýýarlanandygy aýdylýar.
“Kerep” atly bu operassiýanyň 1.5 ýyl çemesi taýýarlanandygy aýdylýar.

Ukraina Russiýanyň çägine ýük awtoulaglarynda gizlin getirilen dronlar bilen, ýurduň dürli künjeklerindäki onlarça bombalaýjy uçara zarba urandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugynyň (SBU) atlandyrylmasyzlygyny soran resmileriniň Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtmagyna görä, 1-nji iýunda amala aşyrylan hüjümde 40-a çenli bombalaýjy uçar nyşana alnypdyr.

SBU soňra beren resmi beýannatynda Russiýanyň esasy harby aerodromlarynda ýerleşýän “strategiki raketa göteriji” uçarlaryň 34%-niň urlandygyny we jemi 7 milliard dollarlyk zyýan ýetirilendigini öňe sürdi.

“Bu örän ajaýyp netije. Bu Ukrainanyň garaşsyz ýagdaýda gazanan netijesidir” diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski aýtdy, we “Kerep” atlandyrylan bu operassiýanyň 1.5 ýyl çemesi taýýarlanandygyny belledi.

Russiýanyň resmileri bu aýdylanlar boýunça bada-bat kommentariýa bermediler, ýöne Goranmak ministrligiň beýanatynda ýurduň bäş dürli regiondaky harby howa bazalarynyň nyşana alnandygy, şolaryň ikisinde “birnäçe uçaryň ýangyna uçrandygy” bellenildi.

Şol bir wagtda, rus Telegram kanallary dürli ýerlerde ýük awtoulaglarynyň üstünden uçarylan dronlary hem-de käbir desgalaryň oda tutaşan pursatlaryny görkezýän köp sanly suratlary we wideolary paýlaşdylar.

XS
SM
MD
LG